Aşgabatda geçirilýän 2026-njy ýylyň Maýa goýum forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet düzümleri we hususy kärhanalary bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi diýip, TDH habar berýär.
Şolaryň hatarynda:
«Türkmennebit» döwlet konserni bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Hybrid Innovation GmbH» kompaniýasynyň arasynda Şertnama;
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň arasynda Şertnama;
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň «OnU H&C» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «CSCEC International Construction Co., Ltd.» («China State Construction Engineering Corporation») kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Damen Workboats B.V.» we «Liamol Trading GmbH» kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamyny has-da ösdürmek we olary kämilleşdirmek ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Tianjin Bohua Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyga gyzyklanmalary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Damen Technical Cooperation B.V.» we «Liamol Trading GmbH» kompaniýalarynyň arasynda 2026 — 2036-njy ýyllar üçin Türkmenistanda gämi gurluşygy, gämi abatlaýşy, deňiz tehnologiýalary we ýerli önümçilik babatda strategik hyzmatdaşlyk hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar