1-2-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilýän 2026-njy ýylyň Maýa goýum forumynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow daşary ýurtly maýadarlar bilen hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny kesgitledi diýip, Orient habar berýär.
Forumyň umumy mejlisinde eden çykyşynda Mämmetguly Astanagulow daşary ýurtly maýadarlar bilen hyzmatdaşlygyň strategik ugurlary hökmünde ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagy, «Galkynyş» ägirt uly gaz käniniň özleşdirilişini, «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Serhetabat – Hyrat ugry boýunça TOPH gaz geçirijisiniň böleginiň çalt depginde çekilişini, şeýle hem Türkmenbaşydaky we Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatlyklarynyň täzelenilişini belledi.
Ministriň sözlerine görä, elektroenergetika pudagynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine aýratyn üns gönükdirilýär: ýylyň ahyryna çenli Gyzylarbat etrabynda gibrid ýel-gün elektrik stansiýasyny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär, Türkmenbaşy etrabynda bolsa utgaşykly dolanyşykly kuwwatly stansiýa gurulýar.
Çykyşyň aýratyn bölegi sanly özgertmelere we emeli aň tehnologiýalaryny ykdysady ösüşiň hereketlendirijisi hökmünde ornaşdyrmaga bagyşlandy. Astanagulow ýurdumyzyň akylly energetika ulgamlaryna, sanly dolandyryşa, ýük akymlaryny yzarlamak üçin blokçeýn tehnologiýalaryna, fintehe, şeýle hem hemra arkaly gözegçilige we oba hojalygynda «akylly ekerançylyga» işjeň maýa goýýandygyny nygtady.
Ministr Türkmenistanyň geografik ýerleşişi babatda «Demirgazyk – Günorta» we «Gündogar – Günbatar» halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmeginiň maýa goýumlary çekmekde iň möhüm nokat bolup durýandygyny belledi.
Maliýe ministri giň gerimli infrastruktura taslamalaryny hem nygtap geçdi. Olaryň hatarynda Aşgabat – Türkmenabat 600 kilometrlik awtobanynyň Mary – Türkmenabat böleginiň ulanmaga berilmegi, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi awtoýolunyň işjeň gurluşygyny we Aşgabat – Daşoguz awtomagistralyny durkuny täzelemegiň meýilleşdirilýändigini belledi.
Çykyşynyň ahyrynda Astanagulow halkara işewürler jemgyýetçiligine olaryň maýasynyň döwlet tarapyndan doly goralýandygyna, kemala getirilen kadalaşdyryjy-hukuk binýadyna we täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyna ynam bildirdi.