Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň (TIF 2026) energetikanyň durnuklylygyny üpjün etmäge hem-de himiýa we nebitgaz senagatyny ösdürmäge bagyşlanan sessiýasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň maýa goýum mümkinçiliklerini jikme-jik beýan etdi diýip, Orient habar berýär.
Döwlet konserniniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň deňiz kenarýakasynyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň milli konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäginde daşary ýurt maýasy üçin elýeterli bolan 30-dan gowrak ygtyýarnamaly bloga bölünendigini belledi.
Maýadarlar üçin hukuk goragynyň we maliýe taýdan özüne çekijiligiň esasyny ýeňillikli fiskal düzgüni kepillendirýän Türkmenistanyň «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Kanuny düzýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara aç-açan iş gurallary hödürlenýär: ýurtda diňe girdeji salgydynyň we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugy üçin birnäçe tölegiň tölenilmegini göz öňünde tutýan, beýleki ýygymlardan, gümrük paçlaryndan we enjamlary getirmek boýunça şertnamalaryň biržada hasaba alynmagyndan doly boşadylýan ýeňilleşdirilen salgyt ulgamy hereket edýär.
Kanunçylyk şeýle-de maýadarlaryň çykarylan uglewodorod paýyny erkin ulanmak we ony goşmaça ygtyýarnamasyz ýerli nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda gaýtadan işlemek hukugyny berkidýär. Şunda «Türkmennebit» DK-a resmi arzanyň berilmegi gös-göni eksklýuziw bolmadyk gepleşiklere ýol açýar, olaryň netijesinde Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklara (ÖPY), konsessiýalara, töwekgelçilikli hyzmat ediş şertnamalaryna ýa-da bilelikdäki iş hakynda şertnamalara gol çekmek mümkin.
Bellenilişi ýaly, şu güne çenli Türkmenistanyň Hazar kenarýakasynda ÖPY-nyň çäginde Dragon Oil, PETRONAS we ADNOC ýaly dünýä belli iri kompaniýalar üstünlikli işleýär.
Strategik hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň aýdyň mysaly hökmünde 2026-njy ýylyň iýun aýynda «Türkmennebit» DK, Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd. kompaniýasy we «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda şertnamalaýyn çäk bolan «19-njy blok» we «20-nji blok» boýunça Önümi paýlaşmak hakynda Şertnama gol çekilmegi boldy. 11, 12, 13 we 14-nji ygtyýarnamaly bloklarda 2D seýsmik barlag işleriniň başlanmagy bilen bir hatarda, bu geleşik deňiz barlaglarynyň mümkinçiligini artdyrmakda täze tapgyry açdy we döwlet tarapyndan ýöredilýän «açyk gapylar» syýasatynyň ýokary netijeliligini tassyklady.