Daşkentde Ikinji Merkezi Aziýa nebitgaz forumy geçiriler

Daşkentde Ikinji Merkezi Aziýa nebitgaz forumy geçiriler

Daşkentde 15-16-njy oktýabrda Ikinji Merkezi Aziýa nebitgaz forumy geçiriler diýip, Turkmenportal elektron neşiri habar berýär.

Ikinji Merkezi Aziýa nebitgaz forumy «Hyatt Regency Tashkent» myhmanhanasynda geçiriler. Forumyň guramaçysy – halkara GLENMAR kompaniýasy, resmi bilelikdäki guramaçysy – UNG Overseas («Özbekneftegaz» AJ-nyň 100% golçur kompaniýasy), guramaçylyk hyzmatdaşy – Centrum Logistics Group, Commodity Trading Club-yň goldawy bilen çykyş edýär.

Çäräniň maksatnamasynda bäş sany gepleşik ugry bar: sebitiň nebitgaz serişdeleri, serhetaşa söwda ýollary we logistika, nebiti gaýtadan işlemek we täze satuw bazarlary, maýa goýumlar we töwekgelçilikleri dolandyrmak, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk.

Forumyň dowamynda şeýle hem bu sebitiň bäş döwletiniň gaz geçiriji ulgamlaryny birleşdirmegi göz öňünde tutýan taslamany maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. «Merkezi Aziýanyň Gaz halkasy» pikirini gazak hünärmeni Askar Ismailow 2025-nji ýylyň oktýabrynda Daşkentde geçirilen ilkinji nebitgaz forumynda teklip etdi. Taslama Birleşdirilen energetika ulgamyna meňzeşlikde ýeke-täk ulgamy, täze böleklerini gurmagy we eýýäm bar bolan gaz geçirijileri döwrebaplaşdyrmagy göz öňünde tutýar, olaryň umumy uzynlygy üç müň kilometrden gowrak bolar.

Pikiriň awtorynyň sözlerine görä, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gaz geçiriji ulgamlaryny birleşdirmek möwsümleýin üpjünçilikleri deňagramlaşdyrmaga we üznüksiz gaz üpjünçiligini gazanmaga mümkinçilik berer.

Ilkinji foruma Merkezi Aziýadan, Ýewropadan, Ýakyn Gündogardan we beýleki sebitlerden 150-den gowrak ýolbaşçy we hünärmen gatnaşdy.

Nebitgaz №39
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№39

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 29-y

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993