Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy oktýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna geldi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen-türk döwletara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde okgunly ösdürilýär. Olaryň biri bolan Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin gatnaşyjy ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmegiň netijeli mehanizmi bolup çykyş edýär. Bu düzüm energetika, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hereketleri utgaşdyrmak üçin binýady kemala getirýär.
Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan synçy ýurt hökmünde TDG-niň işine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz bu gurama medeni dialogy ilerletmek hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança hökmünde garaýar. Bu bolsa döwletiň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.
Türkmenistanyň TDG-niň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlary durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilendir.
Ankara şäheriniň “Etimesgut” howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň işewürleri mähirli garşyladylar.
Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlary bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
“Malazgirt” çäreler merkezinde belent mertebeli myhmanlara türki dilli döwletleriň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda milli we etnosport oýunlary görkezildi. Bu bolsa türki halklaryň taryhy, özboluşly medeniýeti we milli däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredip, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hem-de döwletara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga ýardam edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.