Türkiýäniň ilçisi Şener Jebeji Ankaranyň Türkmenistan we beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde türkmen gazyny Türkiýä, ondan soňra Ýewropanyň we beýleki halkara bazarlaryna ibermek üçin durmuşa ukyply ugurlary işläp düzmäge taýynlygyny mälim etdi. Bu barada «Türkmenportal» habar berýär.
Diplomat bu barada 29-njy oktýabrda Aşgabatdaky Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasynda Türkiýe Respublikasynyň yglan edilmeginiň 103 ýyllygyna bagyşlanyp guralan kabul edişlikde çykyş edip aýtdy.
Ilçi çykyşynda energetika we ulag ugurlaryna aýratyn üns berdi. Ol geçen ýyl türkmen tebigy gazynyň Türkiýä iberilip başlanylmagyny möhüm tapgyr diýip atlandyrdy we özara bähbitli energetika söwdasyny täzeden dikeltmegiň mümkindigine ynam bildirdi.
Jebejiniň sözlerine görä, Türkiýe Türkmenistan we beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde türkmen gazyny Türkiýä, ondan soňra Ýewropa we beýleki halkara bazarlaryna eltmek üçin durmuşa ukyply ugurlary işläp düzmäge taýyn. Ol şeýle hem Transhazar Orta geçelgesiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.
Ilçi Türkiýäniň Türkmenistanyň öňdebaryjy ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup galýandygyny we iki ýurduň Prezidentleri tarapyndan kesgitlenen 5 milliard amerikan dollary möçberindäki haryt dolanyşygy görkezijisine ýetmegi maksat edinýändigini hem belledi.
Onuň sözlerine görä, türk kompaniýalary umumy bahasy takmynan 56 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan 1100-den gowrak taslamany, şol sanda hassahanalary, mekdepleri we senagat toplumlaryny tamamladylar. Diplomat şeýle hem iýun aýynda Aşgabatda Türkiýe-Türkmenistan Hökümetara ykdysady toparynyň 9-njy mejlisiniň geçirilendigini we onuň netijeleri boýunça 71 bentden ybarat Bilelikdäki hereket meýilnamasynyň gol çekilendigini ýatlatdy.
Jebeji Türkmenistanyň şu ýylyň noýabr aýynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirjek BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça COP31 konferensiýasyna gatnaşmaga taýýardygyny tassyklandygyny hem mälim etdi.