Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Kärhananyň gurluşygy «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň sargydy boýunça «GAP Inşaat» gurluşyk kompaniýasy tarapyndan Germaniýanyň «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda halkara standartlara laýyklykda amala aşyrylar. Taslama ösen tehnologiýalaryň, innowasion çözgütleriň we ekologiýa taýdan arassa çemeleşmeleriň esasynda durmuşa geçiriler.

Toplumyň önümçiliginiň esasy çig maly tebigy gaz bolup, onuň deslapdan bir ýylda 630 million kub metr möçberini sarp etmek göz öňünde tutulýar. Täze taslamada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalary ulanylar hem-de energetika üpjünçiligi ornaşdyrylan turbina generatorlary bilen üpjün ediler.

Döwlet Baştutanynyň düýbüni tutmak dabarasynda belleýşi ýaly, himiýa senagaty hem ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

“Häzirki döwürde ýurdumyzyň himiýa senagatynda birnäçe iri kärhanalar netijeli işleýär. Şol kuwwatly kärhanalarda ýerli çig mallary ulanmaga möhüm ähmiýet berilýär” diýip, döwlet Baştutany belledi.

“Şu gün Daşoguz welaýatynda düýbi tutulýan täze himiýa desgasy hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu bolsa ekologiýa taýdan arassa önümçilik işini ýola goýmaga ýardam eder” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

“Döwrebap toplum ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürmäge niýetlenendir. Bu toplumda öndüriljek dökünler ýurdumyzyň oba hojalyk sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrar. Şeýle hem daşary ýurtlara eksport ediler. Bu ýerde bir müňden gowrak täze iş orunlary dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köp sanlysy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okadylyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler” diýip, Serdar Berdimuhamedow sözünde belledi.

“Umuman, döwrebap azotly dökünleri öndürýän toplumyň gurulmagy ýurdumyzyň himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşar” diýip, Prezident aýtdy.

Döwlet Baştutany sene ýazgyly gutyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze toplumyň binýadyna atdy.

 

 

Nebitgaz №44
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№44

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 3-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993