Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda  «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirmek bilen, ulgamyň işini kämilleşdirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, kämil tehnikalaryň we enjamlaryň, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny, şonuň netijesinde bolsa pudagyň öňünde möhüm wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Maslahatyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Berdimyrat Amanow hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, toplumy mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak, geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitiň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny tapmak hem-de bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp baryldy we häzirki wagtda dowam etdirilýär.

Hasabat ýygnagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyryny döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak, «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek, gyş paslynyň golaýlamagy bilen, howanyň dürli şertlerine görä, önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak, möwsümleýin işleri talabalaýyk ýola goýmak, 21–23-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň netijeleri we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.

Wise-premýer Guwanç Agajanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, hünärmenleriň hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirmegiň, şeýle hem her ýylyň dekabr aýynda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi.

Maslahatyň ahyrynda wise-premýer pudagyň ähli işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Nebitgaz №44
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№44

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 3-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993