Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) durnukly energetika ulgamynda strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň öz saýtynda habar bermegine görä, Birleşen Milletler Guramasynyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde 11-nji noýabrda «Türkmenistanyň uzakda ýerleşýän ilatly nokatlarynda energiýa geçişini goldamak» atly Taslama resminamasyna gol çekildi.
Resminama BMGÖM-niň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we Energetika ministrlikleriniň arasynda baglaşyldy.
Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň belleýşi ýaly, bu resminama häzirki zaman we ekologik taýdan arassa energiýa çeşmelerine elýeterliligi giňeltmäge, durnukly energetika çözgütlerini ilerletmäge hem-de esasy infrastruktura merkezlerinden daşda ýerleşýän ýerleriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
Taslama has netijeli we pes uglerodly energetika modeline geçmek, şeýle hem täzelenýän energiýa çeşmelerini ulanmagy giňeltmek nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedir.
Uzakda ýerleşýän etraplarda energetika geçişine goldaw bermek, hemmeler üçin elýeterli, ygtybarly we häzirki zaman energiýa elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilen halkara tagallalara-da laýyk gelýär. Şuňa meňzeş başlangyçlaryň çäginde gün energetikasyny ulanmaga, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga we ýerli jemgyýetleriň häzirki zaman energetika ulgamlaryny ulanmak mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär.
BMGÖM bilen bu ugurda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň ekologiýa we energetika başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge, häzirkizaman tehnologiýalaryň ulanylyşyny giňeltmäge we durnukly ösüşiň bähbitlerine halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan ymtylyşyny görkezýär.
Bu işiň ähmiýeti ýurduň ähli sebitleriniň ilaty üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmek, şeýle hem uzakdaky ilatly mokatlaryň howa we energetika howplaryna durnuklylygyny ýokarlandyrmak nukdaýnazaryndan aýratyn möhümdir.