Gaz pudagynyň işgärleriniň gündelik zähmetiniň esasy maksady tebigy baýlyklary halkyň abadançylygy üçin gymmatly we isleg bildirilýän önüme öwürmekdir. Şu ýylyň oktýabr aýynda «Naýyp» suwuklandyrylan gaz öndürýän kärhanasynda gazanylan ýokary önümçilik görkezijileri bu asylly wezipäniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ynandyryjy subutnamasydyr.
Aýyň jemi boýunça kärhananyň kollektiwi suwuklandyrylan gaz öndürmek hem-de gaz kondensatyny çykarmak boýunça meýilleşdirilen tabşyryklary ep-esli artygy bilen ýerine ýetirdi. Hususan-da, oktýabr aýy üçin meýilleşdirilen 7 müň 692 tonna suwuklandyrylan gaza derek, hakykatda önümçiligiň möçberi 8 müň 51 tonna ýetdi. Şeýlelikde, aýlyk tabşyryk 104,7 göterim ýerine ýetirilip, meýilnamadan artyk 359 tonna gymmatly ýangyç öndürildi.
Gaz kondensatyny öndürmekde gazçylar has ýokary netijelere ýetdiler. Meýilleşdirilen 3 müň 836 tonna derek, 4 müň 875 tonna taýýar önüm alyndy. Bu aýlyk meýilnamanyň 127,1 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar, goşmaça önümçiligiň möçberi bolsa 1 müň 39 tonna ýetdi.
«Naýyp» kärhanasy «Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça önümçilik müdirliginiň düzüminde möhüm orun eýeleýär. Müdirligiň esasy işi tebigy gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek we ondan suwuklandyrylan gazy, gaz kondensatyny, şeýle hem harytlyk tebigy gazy almak bilen baglanyşyklydyr.
Bir çig maldan birnäçe ýokary islegli önümi almaklyk tebigy serişdeleriň ykdysady girdejisini birnäçe esse artdyrýar.
Darganata etrabynyň çäginde ýerleşýän «Naýyp» gaz gaýtadan işleýän toplumynyň tehnologik hatarlary taslama kuwwaty boýunça ýylda 4,5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Bu kärhana ýylda 120 müň tonna çenli suwuklandyrylan gazy we 60 müň tonna gaz kondensatyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle uly senagat kuwwaty ähli toplumyň durnukly işlemegini üpjün edýär we gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmak üçin berk binýat döredýär.
Müdirligiň kärhanalarynda öndürilýän suwuklandyrylan gaz ilkinji nobatda içerki bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ugrukdyrylýar, şeýle hem üstünlikli eksport edilýär. Şunuň bilen baglylykda, bellenilen meýilnamadan artyk öndürilen her tonna önüm ýurdumyzyň energetik howpsuzlygyny pugtalandyrýan we eksport mümkinçiligini giňeldýän ygtybarly goşmaça goruna öwrülýär.
Iki esasy ugur boýunça bellenilen meýilnamadan artyk geçilmegi kärhananyň Türkmenistanyň gaz senagatyny ösdürmäge goşýan goşandyny has-da artdyrýar.