Habarlar RSS
160193582c9b26.png
Burawçylaryň üstünlikleri
02.02.21 - 21:20

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen giň möçberli işleri durmuşa geçirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň zähmetsöýer burawlaýjylary tarapyndan alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr.


1601a5a3380364.png
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň ösüşi boýunça iş maslahatyny geçirdi
04.02.21 - 14:45

2-nji fewralda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, 2021-nji ýylda öňde durýan wezipeler barada gürrüň edildi.


160193373146e5.png
Suw arassalaýjylaryň gaýratly gadamlary
02.02.21 - 21:11

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz käniniň guýularyndan tebigy gazyň çykarylmagynda, şu ýerdäki «mawy ýangyjy» kükürtden arassalaýan baş desgalarda gazyň ýokary tehnologiýaly enjamlar arkaly arassalanylyp, harytlyk görnüşine ýetirilip, sarp edijilere ugradylmagynda müdirligiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumynyň işgärleriniň saldamly zähmet goşantlary bar.


1601976d0889ae.jpeg
«Arkadagyň «Açyk gapylar» syýasaty rowaçlanýar»
03.02.21 - 01:59

Şeýle at bilen «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň Tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň we Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahat juda işjeň häsiýete we ýokary ruhubelentlige eýe boldy.


1601933df79af6.jpeg
«Gazprom» 2035-nji ýyla çenli Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrmak isleýär
04.02.21 - 16:03

“Gazprom” 2020-2035-nji ýyllar aralygynda Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini 5,5 milliard kub metre çenli artdyryp biler. Bu barada Russiýanyň gaz pudagyny 2035-nji ýyla çenli ösdürmek boýunça baş meýilnamanyň taslamasyna salgylanyp “TASS” agentligi çarşenbe güni habar berdi.


160192ea547de0.png
«Dostluk» ýatagy: dünýä möçberindäki taryhy waka
02.02.21 - 20:51

Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döretdi. Daşary ýurtlaryň habarlar agentlikleri, dünýä belli pudaklaýyn we elektron neşirleri bu wakanyň möhüm ähmiýetini belleýärler.


1600fe47e90403.png
Dünýä çempionlygyndan Olimpiýa medalyna
26.01.21 - 19:44

28 ýyl goja taryh üçin, belki, örän ujypsyz wagt aralygy. Ýöne ynsan ömri üçin az pursat hem däl. 28 ýyllyk menzil Garaşsyz Türkmenistana bolsa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ikinji altyn medalyny bagyşlady. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa dünýä belli ildeşimiz Altymyrat Orazdurdyýewden soňra dünýä çempiony bolan ikinji türkmenistanly türgen boldy.


Dil — milletiň baýlygy
26.01.21 - 19:42

Ýurdumyzda beýik Garaşsyzlygymyz gazanylandan soň mukaddes ene dilimiziň, şol sanda daşary ýurt dilleriniň öwrenilişiniň gerimi has giňedi. Dil — bu gymmaty egsilmeýän, özboluşly aýratynlyklary, dil birlikleri bilen hemişe üsti ýetirilýän milletiň hazynasy. Döwlet, ilkinji nobatda, öz diliniň üsti bilen ykrar edilýär. Garaşsyzlygyny gazanan halk, ilki bilen, diline eýe çykýar we oňa döwlet dili derejesini berýär.


1600fe3a698fc1.png
Watan mertebesi beýikdir, goragy mukaddes borçdur
26.01.21 - 19:40

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen senesi — her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni türkmeniň watansöýüjiliginiň, mertliginiň, gaýduwsyzlygynyň mertebe baýramyna öwrüldi. Watan goragçylarynyň güni döwletimiziň Garaşsyzlygyny, parahat durmuşyny, çäk bitewüligini gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň we çäksiz hormatyň aýdyň subutnamasydyr.


16013b84195b72.jpeg
Türkmenistan Ýaponiýanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär
01.02.21 - 14:51

28-nji ýanwarda Türkmenistanyň DIM-inde «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» ýapon kompaniýasynyň Prezidenti jenap T.Watanabe bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.


1600fe31367d49.png
Gatlak basyşynyň täsiri
26.01.21 - 19:38

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamada täze nebit we gaz ýataklaryny gözläp tapmak we özleşdirmek hem-de öň bar ýataklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, bu pudagyň çig mal binýadyny berkitmek esasy meseleler bolup durýar.


160129c3aec60b.jpeg
«Malaý» gaz gysyjy desgasynyň işe girizilmigi mynasybetli maslahat geçirlidi
01.02.21 - 14:45

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Lebap welaýatynyň «Malaý» gaz käninde täze gaz gysyjy bekediň ulanyşa girizilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.


1600fe2614f3d9.png
Täze tehnologiýalary özleşdirýärler
26.01.21 - 19:35

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda-da önümçilige ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalardan doly baş çykarýan işçi hünärmenleri taýýarlamaklygy baş wezipeleriň biri hökmünde öňde goýýar.


1601281de97a67.jpeg
Saud Arabystany 2030-njy ýyla çenli elektrik energetikasyny energiýanyň dikeldilýän çeşmelerine we gaza geçirmegi meýilleşdirýär
01.02.21 - 14:46

Saud Arabystany 2030-njy ýyla çenli energetikasynyň 50%-ni gaza, galan bölegini bolsa — energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçirmegi meýilleşdirýär, diýip ýurduň energetika ministri, şazada Abdulaziz ben Salman Er-Riýadda Future Investment Intiatives forumynyň çäklerinde aýtdy, diýip Interfaks habar berýär.


1600fe1e6d762d.png
Türkmenistan dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde
26.01.21 - 19:33

Türkmenistan şu günlerde ýene-de dünýäniň esasy habarlar agentlikleriniň, şeýle hem köpsanly internet-saýtlaryň täzeliklerdir habarlarynda köp agzalýan geografik atlaryň birine öwrüldi. Dünýäniň habar beriş serişdeleriniň, syýasy we işewür toparlarynyň ünsi jemgyýetçilik seslenmesine eýe bolan şanly wakalara — ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gönükdi