HNGU türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabara geçirdi
20.04.22 - 15:26Türkmen bedewiniň ýakynlaşyp gelýän baýramy mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çäginde aýdym-sazly dabara gurady.
TNGIZT birinji çärýekde durnukly ösüş depginini üpjün etdi
20.04.22 - 15:27Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) içerki bazarlary ýokary hilli nebit önümleri bilen üpjün etmek, şeýle hem isleg bildirilýän önümleri täze görnüşlerini öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýär.
TDHÇMB söwdalarynda nebitgaz toplumynyň önümleri daşarky we içerki bazarlara iberildi
19.04.22 - 12:17Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 167-si hasaba alyndy.
Birinji çärýekde Hytaý Merkezi Aziýadan 10 mlrd kub metrden gowrak gaz satyn aldy
19.04.22 - 12:18Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde HHR 10,07 mlrd kub metr tebigy gaz import etdi. Bu barada PipeChina West Gas Pipeline kompaniýasy habar berdi.
Türkmenistanda tehniki uglerod öndürmek boýunça zawod işe girizildi
18.04.22 - 17:05Geçen hepdede Mary welaýatynda ýyllyk kuwwatlylygy 3 müň tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenen zawod açylyp ulanmaga berildi. Döwlet Baştutanynyň degişli Kararyna laýyklykda, täze kärhanany gurmak boýunça taslamany “Eziz dag” hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy.
Abatlaýjylaryň saldamly goşantlary
17.04.22 - 15:27Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny täze belentliklere götermekde we baýlyklar känlerinden alynýan ýangyç çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýylary abatlaýjylar müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar.
Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde rus dili we edebiýaty hepdeligi geçirilýär
16.04.22 - 12:33Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Rus diliniň we edebiýatynyň hepdeligi geçirilýär. Bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň professor-mygallymlary tarapyndan rus diline we edebiýatyna, Russiýanyň ylmyna we sungatyna bagyşlanyp taýýarlanylan sergi ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti: Balkan welaýatynyň nebitgaz mümkinçiliklerini netijeli işletmeli
16.04.22 - 12:3414-nji aprelde, penşenbe güni Balkan welaýatyna toý sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda, şeýle-de degişli hasabatlar diňlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
14.04.22 - 21:58Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Makron we Jonson Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
14.04.22 - 21:56Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Prezident Serdar Berdimuhamowa iberen hatlarynda Türkmenisan bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlyklaryny mälim etdiler.
Serdar Berdimuhamedow Şahbaz Şarifi Pakistanyň Premýer-ministri saýlanmagy bilen gutlady
14.04.22 - 07:24Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda awtobenzin, suwuklandyrylan gaz, propilen we nebitgaz toplumynyň beýleki önümleri satyldy
14.04.22 - 07:23Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy.
Ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine garaldy
11.04.22 - 19:09Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2%-de saklanýar
11.04.22 - 20:24Şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda belledi. Jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär, zähmet haklary bolsa, 10 göterim ýokarlandyryldy, diýip döwlet Baştutany nygtady.
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň işiniň birinji çärýeginiň netijeleri jemlenildi
11.04.22 - 20:26Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň barşynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşiniň şu ýylyň birinji çärýegi boýunça netijeleri jemlenildi. Şol sanda nebitgaz toplumynyň işiniň netijelerine garaldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow hasabat berdi.