Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Bu barada Kerkentzes 4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Pariž şäherine iş saparynyň çäginde Raşid Meredow bilen duşuşygynda belledi.
Duşuşygyň barşynda 2023-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” barada habar berildi.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we daşary ykdysady aragatnaşyklaryň ösmeginde sergi işiniň möhüm orny eýeleýändigini, ýurdymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde tutýan ornyny belläp geçdiler hem-de Türkmenistan bilen HSB-niň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle-de, häzirki wagtda biziň ýurdumyzda türkmen tarapynyň 2024-nji ýylda Katarda geçiriljek «Expo- 2023 Doha» Halkara sergisine we 2025-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek «Expo-2025 Osaka» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görülýändigi hem bellenilip geçildi.