Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirilýär

Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirilýär

Şu gün Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy başlandy.

Foruma Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşýar.

Sammitiň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri girizildi. Döwlet Baştutanlarynyň ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns bermegine garaşylýar.

Şeýle hem foruma gatnaşyjylar halkara we sebitara hyzmatdaşlykda gyzyklanma bildirýän ugurlary ara alyp maslahatlaşarlar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993