Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
01.01.22 - 11:13«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene-de az salymdan biz üstünliklere beslenen şu ýyl bilen hoşlaşyp, täze — 2022-nji ýyly uly şatlyk we arzuw-umytlar bilen garşylarys.
Körpeje gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri belent sepgitleri eýeleýärler
01.01.22 - 11:17«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Körpeje gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary öndürijilikli gaz ýataklaryndan tebigy gaz çykarmakda ýokary netijeleri gazandylar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» – buýsançly zaman
31.12.21 - 10:52Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, nebitgaz toplumumynyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy.
ABŞ-da ätiýaçlyklaryň azalmagy netijesinde nebit gymmatlamagyny dowam edýär, Brent — 79,39 dollar
31.12.21 - 10:36Geçen hepdede ABŞ-da nebit ätiýaçlyklarynyň garaşylyşyndan has köp azalmagy netijeisnde penşenbe güni irden nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam etdi.
Gaz OPEC-i döredilmez — gazyň ählumumy bazary heniz ýeterlik derejede ösmedi — Russiýanyň wise-premýeri
30.12.21 - 11:20Ählumumy gaz bazaryna gatnaşyjylar OPEC mysalynda ählumumy bazar kadalaşdyryjysyny döretmekden heniz uzakda. RF-niň wise-premýeri Aleksandr Nowagyň bellemegine görä, gaz bazary munuň üçin heniz ösüp ýetişmedi diýip Interfaks habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
30.12.21 - 11:2128-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine bardy.
Gurbanguly Berdimuhamedow: 2021-nji ýyl örän kynçylykly bolsa-da, ýurdumyz üçin, umuman, gowy ýyl boldy
28.12.21 - 19:20Geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow örän kynçylykly bolsa-da, onuň biziň üçin, umuman, gowy ýyl bolandygyny belledi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisinde belledi.
«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy
28.12.21 - 10:36«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.
Hökümet mejlisinde Balkan welaýatyndaky nebitgaz kärhanalarynyň işine garaldy
28.12.21 - 10:37Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy
28.12.21 - 10:38Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.
2021-nji ýylda «Gazprom» türkmen gazynyň satyn alnyşyny iki esse artdyrar — RF-niň Türkmenistandaky ilçisi
26.12.21 - 10:532021-nji ýylda «Gazprom» tarapyndan Türkmenistandan satyn alynýan gazyň möçberi iki esse artyp, takmynan, 10 mlrd kub metre barar. Bu barada anna güni RF-niň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ýyllyk jemlerine bagyşlanyp, ilçihanada geçirilen metbugat-maslahatynda beýan etdi.
Türkmenistan ýanwar-noýabr aýlarynda Hytaýa 6,1 mlrd dollarlyk tebigy gaz eksport etdi
26.12.21 - 10:54Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly «mawy ýangyjy» eksport etmek boýunça öňdeligi saklap gelýär. HHR-nyň Baş gümrük müdirliginiň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Hytaýa Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi arkaly 6,1 mlrd dollarlyk 21,91 mln tonna möçberde türkmen tebigy gazy iberildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana we Hindistana iş saparlarynyň jemleri jemlenildi
23.12.21 - 20:2722-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan iş duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hökümet wekiliýetiniň şu ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna guralan saparlarynyň jemleri boýunça hasabat berdi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
23.12.21 - 12:03Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
23.12.21 - 12:04Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.