Prezident Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogana Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler diýip, TDH habar berýär.
“Saýlawlaryň netijesi doganlyk türk halkynyň Rejep Taýyp Ärdogana bildirýän belent ynamynyň hem-de ýurduň abadançylygy we rowaçlygy ugrunda bitirýän hyzmatlarynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär. “Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hakyky dostlugyň we ygtybarly hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzda biz hemişe hoşniýetlilik, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alýarys” diýip, Gahryman Arkadagymyz türkmen-türk strategik gatnaşyklarynyň geljekde-de täze depginler bilen ösdüriljekdigine berk ynam bildirýär.
Ýekşenbe güni agşam Türkiýäniň Merkezi saýlaw topary prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Rejep Taýyp Ärdoganyň ýeňiş gazanandygyny tassyklady. Sesleriň 99,75% işlenenden soň, Ärdogan sesleriň 52,1%-ini alyp, täze möhlete prezident saýlandy. Onuň garşydaşy Kemal Kylyçdaroglu 47,9% ses aldy.
Türkiýäniň Prezidenti wezipesinde esasy meseleleriniň hatarynda Ärdogan puluň hümmetsizlenmeginiň peseldilmegini we mawy ýangyjy Ýewropa ibermek üçin gaz merkezini döretmegi belledi.