Türkmenistanyň wekiliýeti Glazgoda Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň maslahatyna gatnaşar
21.10.21 - 09:41Türkmenistanyň ýokary derejedäki wekiliýeti Glazgoda Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň maslahatyna (COP26) gatnaşar. Sapara görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Hökümet wekilleri sişenbe güni BMGÖM-niň we Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň gatnaşmagynda howa babatda hereketler boýunça geçirilen onlaýn-maslahatda habar berdiler. Bu barada BMGÖM Türkmenistanyň metbugat beýanynda aýdylýar.
«Dragon Oil» kompaniýasy — «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» Halkara maslahatynyň altyn hemaýatkärleriniň hatarynda
20.10.21 - 15:29Aşgabatda 27-28-nji oktýabrda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahatyna taýýarlyk işleri şu günlerde ýokary depginde dowam edýär.
Prezident 2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetini makullady
19.10.21 - 10:38Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň hödürlenen taslamasyny makullap, 2022-nji ýyl üçin ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny Milli Geňeşiň Mejlisiniň garamagyna ibermek hakyndaky resminama gol çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletlerini ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge çagyrdy
19.10.21 - 10:39Türkmenistanyň Prezidenti 15-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň bahasy 16 million dollara golaý boldy
19.10.21 - 10:41Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
Hökümet topary Türkmenistanyň BSG agza bolmagy bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy
16.10.21 - 21:06Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisinde Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirmeginiň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy diýip Türkmenistanyň daşary syýsat edarasynyň saýty habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi
16.10.21 - 21:09Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistan tarapyndan BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ozal öňe sürlen teklibe gaýdyp gelmegi teklip etdi.
«Kenardaky» döwrebap işler
14.10.21 - 12:06Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy dünýäniň iň kuwwatly desgalarydyr kämil tilsimatlaryna eýe bolmak bilen, ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümlerini taýýarlamakda we ýerleşdirmekde uly sepgitlere eýe bolýar.
OPEC-iň Baş sekretary 27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynda çykyş eder
15.10.21 - 09:20Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo 27-28-nji oktýabrda Aşgabatda garyşyk görnüşde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahatynda onlaýn görnüşde çykyş eder.
«ARETI-niň» ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine deňiz ýataklary işläp geçmek boýunça täze teklipleri hödürledi
14.10.21 - 15:39«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşykda Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary işläp geçmek boýunça döwlet Baştutanyna täze teklipleri hödürledi.
Türkmenistanyň we Hindistanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda TOPH taslamasyny maslahatlaşdylar
14.10.21 - 15:41Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen geçiren ikitaraplaýyn gepleşiklerinde özara bähbitli türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny berkitmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
TNGIZT-niň önümleri — birža söwdalarynda öňdeligi eýeleýär
12.10.21 - 11:50Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Gyýanly polimer zawodynyň önümleri içerki hem daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar
13.10.21 - 09:12Gyýanlydaky polimer gazhimiýa toplumynda öndürilýän önümler «Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň işgärleriniň ýakynda özleşdiren polipropilen sapaklarynyň önümçiligi üçin esasy çig mal boldy.
Dokuz aýyň jemlerine garaldy
11.10.21 - 13:06Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy.
Giňişleýin Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 9 aý boýunça işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
12.10.21 - 11:49Geçen anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda 2021-nji ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda nebitgaz toplumynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.