Duşenbe güni Dohada ýokary derejedäki türkmen-katar gepleşikleri geçiriler

Duşenbe güni Dohada ýokary derejedäki türkmen-katar gepleşikleri geçiriler

Duşenbe güni Kataryň paýtagty Doha şäherinde ýokary derejedäki türkmen-katar gepleşikleri geçiriler. Düýn agşam Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Katara bardy.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar. Şeýle hem Doha şäherinde ýurdumyzyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň açylmagy meýilleşdirilýär.

Howa menzilinde Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşlikde taraplaryň hoşniýetli erkine we köpýyllyk gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykarmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryna esaslanýan türkmen-katar gatnaşyklarynyň netijeli we işjeň häsiýete eýedigini belledi.

Türkmenistan we Katar dürli ugurlardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we onuň düzümini kämilleşdirmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly serişdelere eýedirler.

Energetika ulgamy, söwda, maýa goýum, ulag we kommunikasiýalar, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlary, işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir. Onuň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993