Şerepli gaz ýatagynda ýene-de bir guýy önüm berdi

09:23 17.03.2023 605

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/7099/original-16413eb5849a72.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan düzülen maksatnamalaýyn meýilnama laýyklykda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary häzir Mary welaýatynyň çägindäki Şerepli, Kelleli, Garabil gaz ýataklarynda guýularyň burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Burawlaýjylar täzelikde Şerepli gaz ýatagynyň  02 belgili ulanyş — baha beriş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymyny aldylar.

Müdirligiň burawlaýjylary şu gaz guýusynda gaýratly hem tutanýerli zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işlerini iki müň üç ýüz otuz üç metr çuňluga ýetirdiler. Olar özlerine döwletimiz tarapyndan berilýän bimöçber kömek-goldawlar hem-de guýulary burawlamakda toplanylan baý tejribe arkaly iki müň iki ýüz togsan ýedi — iki müň iki ýüz togsan bir metr aralykdan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymyny aldylar. Munuň özi buraw ussasy  Gurbangylyç Amangylyjowyň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar toparynyň bäş aýyň dowamynda agzybirlikli, egin-egne berip çeken päk zähmetiniň miwesidir.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň awtoulaglar kärhanasynyň ýöriteleşdirilen kämil, döwrebap awtoulaglarynyň, gaz gurluşyk mehanizmleriniň ýokary öndürijilikli, sazlaşykly işledilmegi guýuda burawlaýyş işlerini bellenilen möhletinde üstünlikli ýerine ýetirmeklige şert döretdi. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde alty ýüz ýigrimi sekiz müň kubmetr tebigy gaz berýär.

— 02 belgili ulanyş guýusynda burawlaýyş işlerini üstünlikli geçirmegine geologlar Guwanç Gurdow, Ýazmuhammet Eýupow, burawlaýjylar Kakabaý Çetiliýew, Bäşim Goççyýew, synag geçiriji toparynyň burawlaýjylary Baba Babaýew, Batyr Orazow, Gadam Bagyýew, Orazgeldi Çaryýew dagy saldamly goşant goşdy. Elbetde, bu ulanyş — baha beriş guýusynyň ilkibaşdan şonça mukdarda «mawy ýangyç» bermegi täze ýatagyň baý gaz goruna eýediginiň aýdyň alamatydyr.

Guýudan alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt wodorodsyz — arassa bolmagy bu ýatagyň önüminiň iň esasy aýratynlygydyr. Bu bolsa Şerepli gaz ýatagyndan alynjak tebigy gazyň hili babatynda dünýä ülňüleriniň ölçeglerine doly laýyk bolmagyny şertlendirýär. Şeýle hem gaz käniniň önüminiň ykdysady taýdan bähbidi ýokary bolar.

«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary häzir Mary welaýatynyň çägindäki Kelleli, Garabil gaz känlerinde-de guýulary burawlamak işlerine giň gerim berýärler. Olar täze gaz ýataklaryny özleşdirmeklige döwletimiz tarapyndan berilýän bimöçber kömek-goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar — diýip, müdirligiň baş geology Muhammet Saparmyradow gürrüň berýär.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW.

Başga makalalar
16010fa1716613.jpeg
«Nebitdag» BIM: buraw işleri öňdebaryjy depginde

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.


16047045a403cb.jpeg
Turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýa

Uniwersitetimizde işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris.


16163f0a046db2.jpeg
Dokuz aýyň jemlerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy.


161c026f9c56be.jpeg
Uçar kerosini — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.


162503bb625cc5.jpeg
Wladimir Putin: bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün ederis

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.