Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi
03.06.25 - 04:10Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär. Ine, şeýle ýagdaýda «ýaşyl» energiýa, ýagny tebigy çeşmelerden alynýan täzelenýän energiýa öňe çykýar.
Türkmenistan we Mongoliýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär
02.06.25 - 16:14Duşenbe güni, 2-nji iýunda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-den we Owganystandan işewürler suwuklandyrylan gaz satyn aldylar
02.06.25 - 16:15Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Senatynyň Başlygyny kabul etdi
02.06.25 - 07:1431-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilanini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Senatynyň Başlygy bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny we beýleki meseleleri maslahatlaşdy
02.06.25 - 07:13Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Pakistanyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilaniniň arasynda geçirilen duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň häzirki häkimiýetleri bilen halkara dialogy ýola goýmaga çagyrdy
31.05.25 - 14:51Prezident Serdar Berdimuhamedow 30-njy maýda Astana şäherinde «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammitinde eden çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Owganystanyň häzirki häkimiýetleri bilen halkara dialogy ýola goýmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegi möhüm hasaplaýandygyny belledi.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdylar
31.05.25 - 14:51Gazagystana iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Premýer-ministri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
31.05.25 - 14:5330-njy maýda «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammite gatnaşmak üçin Gazagystana iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Italiýa” formatynyň çäginde köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
31.05.25 - 14:5530-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy we «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy.
Nebit we nebit önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmek boýunça düzgünleri kämilleşdirmek işleri maslahatlaşyldy
30.05.25 - 11:4729-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Astanada “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky birinji sammite gatnaşar
30.05.25 - 11:46Prezident Serdar Berdimuhamedow 30-njy maýda Astanada geçiriljek “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş saparyna görülýän taýýarlyk barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet saparyna taýýarlyk görülýär
30.05.25 - 14:10Şu ýylyň 1-2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa boljak döwlet saparyna taýýarlyk görülýär. Taýýarlyk işleri barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda uglewodorod känlerini işläp taýýarlamakda täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologiýa jähtleri maslahatlaşylar
31.05.25 - 11:525-nji iýunda Aşgabatda "Uglewodorod känlerini özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologiýa jähtleri" (TESC) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu foruma Türkmenistanyň “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen bilelikde “Türkmen Energiýa Forumy” guramaçylyk edýär.
Türkmenistanyň we BMG-niň wekilleri Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdylar
29.05.25 - 11:3528-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşyk geçirdi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi HNGU-da nebitgaz pudagy üçin emeli aň tehnologiýalary boýunça okuw sapagyny geçirdi
29.05.25 - 04:1327-nji maýda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Türkmenistan bilen Birleşen Arap emirlikleri: nebitgaz ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk” temasy boýunça okuw sapagy geçirildi.