«Garaşsyzlyk ýyllarynda gaz senagatynyň ylmy ösüşi»
23.09.22 - 16:09Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň guramagynda institutyň mejlisler zalynda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Türkmenistanda nebit-gaz boýunça XXVII halkara forum geçiriler
22.09.22 - 21:10Şu ýylyň 26-28-nji oktýabrynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022” XXVII halkara forum geçiriler.
TNGIZT Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisinda nebithimiýa önümlerini hödürledi
22.09.22 - 17:4420-21-nji sentýabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ekspozisiýasy görkezildi.
Pakistanyň Döwlet nebit ministri Türkmenistanyň DIM-inde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
22.09.22 - 17:43Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşygynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň gazananlary ýurt Garaşsyzlygyna bagyşlanan sergide hödürlendi
21.09.22 - 19:5320-21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine nebitgaz senagatynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň nebit ministri nebitgaz ulgamynda taslamalary ilerletmegi maslahatlaşdylar
21.09.22 - 16:57Sişenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen geçiren duşuşygynda energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdylar diýip, TDH agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
20.09.22 - 20:35Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
20.09.22 - 20:35Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Birža söwdalary: dizel ýangyjy, suwuklandyrylan gaz we polietilen eksporta iberildi
19.09.22 - 20:44Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 782 müň 850 dollaryna barabar boldy. Söwdalaryň barşynda jemi 52 sany geleşik hasaba alyndy.
Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge açyk — Prezident
19.09.22 - 20:45Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga açykdyr. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni Samarkantda ŞHG sammitinde eden çykyşynda belledi.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilişini üpjün etmek üçin ŞHG bilen hyzmatdaşlyga taýýar
19.09.22 - 20:46Türkmenistan energetika ulgamynda ŞHG bilen yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardygyny belläp, gurama agza ýurtlaryň zerurlyklaryny üpjün etmek, geljekde daşarky bazarlara çykmak maksady bilen, energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmäge iş ýüzünde girişmäge teklibini beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Samarkantda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşynda belledi.
Si Szinpin we Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar
16.09.22 - 18:53Penşenbe güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen duşuşykda gaz ulgamynda, ulag we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow we ŞHG-niň Baş sekretary energetika, ulag ulgamlarynda Türkmenistanyň täze başlangyçlaryny maslahatlaşdy
16.09.22 - 18:55Penşenbe güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu halkara düzümiň Baş sekretary Çžan Min bilen duşuşykda energetika we ulag ulgamlarynda anyk başlangyçlaryny öňe sürdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG sammitiniň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
16.09.22 - 18:56Penşenbe güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkant şäherine gelen Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni
16.09.22 - 18:53«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris: