«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr. Korporasiýanyň iň baýry hem öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan bu zähmet toparynyň hünärmenleridir işçileri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuny zähmet sowgatlary bilen garşy almak üçin öz iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.
Ekspedisiýanyň hünärmenleri hem-de geologlary ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde ýerasty suwlaryň gözleg-barlag işlerini geçirmek bilen ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlyklaryny hasaplamak işlerini, dürli tehnogen täsirleriň netijesinde ýerasty we ýerüsti suwlaryň topragyň geoekologik ýagdaýyny öwrenmek we ýüze çykarmak üçin gidrogeologik we ekologik, meliorasiýa maksatly inžener-geologik barlag we surata almak işlerini alyp barýarlar. Gidrogeologlar şu iki welaýatyň çäklerindäki ýerasty suwlaryň düzgünini, dolanyşygyny we hilini öwrenmek işleri boýunça köpýyllyk düzgün gözegçilik işlerini ýola goýdular.