Önümleriň görnüşleri artdyrylýar

Önümleriň görnüşleri artdyrylýar

Ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagat kärhanalary Türkmenbaşy we Seýdi şäherlerinde ýerleşýär. Günbatar we Merkezi Türkmenistanda çykarylýan nebit Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gaýtadan işlenilýär.

Häzirki wagtda TNGIZT-ni döwrebaplaşdyrmak hem-de gaýtadan enjamlaşdyrmak boýunça işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Toplumdaky işe girizilen häzirki zaman önümçilik desgalary nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlaşdyrylmagy bilen bir hatarda, önümleriň görnüşleriniň giňelmegini we möçberiniň artmagyny üpjün etdi. Zawodlar toplumynda zyýanly etil suwuklygy goşulmadyk awtoulag benzinleri, uçar kerosini, tehniki we yşyklandyryjy kerosin, az kükürtli we kükürtden arassalanan dizel ýangyjy, ýangyç mazuty, esas ýaglarynyň 5 görnüşi, haryt ýaglarynyň 30 görnüşi, polipropilen, peç ýangyjy, katalitik krekingiň ýeňil gazoýly, aşa gyzdyrylan nebit we jemlenen nebit kokslary, suwuklandyrylan hojalyk gazy, tehniki kükürt, gaty gurluşyk, suwuk we şepbeşik ýol bitumlary, sintetik ýuwujy serişdeleri öndürilýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993