(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Atýar süýji daňlar ak päle meňzäp,
Ganabilmän Gün eglenýär roýuňdan.
Kim bagtyny, kim arzuwyn idäp ýör,
Läle deý açylan gülleň çogundan.
Aý nurun düşeýär aýna ýoluňa,
Eçip bolluk bilen sahawatyny.
Ýa bu Aýyň uçmah öýdüp ýanyňa
Begenip gelşiniň alamatymy?!
Başga sende ýazlaň ýaza meňzeýşi,
Ömrüň ömre, toýlaň toýa ulaýşy.
Okap däl, alnyňda janlanýar bu gün,
«Ak guwlaryň», ertekileň döreýşi.
Neneň gözel saňa baglanan hyýal,
Gezmek gowy eziz adyň gaýtalap.
Buýsanyp, çar ýandan ýaňlanýar jümle:
«Gül Watanmyň ýüregi sen, Aşgabat!».
Sünnä sungat hem yhlasyň heýkeli,
Eýlenipdir mähre süňňi-süýegiň.
Görküň sözsüz beýany bor asyrlap,
«Ýagşyny görmegiň jennetdiginiň».
***
Eý, şäher,
ullakan gujagyň giň seň,
Seň goýnuňda
mesgen tutdy arzuwym.
Näçe umytlary
hasyl edipsiň,
Isleýän dek
hemmeleriň gowlugyn.
Saňa
ýerleşipdir ýaşlygyň döwri,
Gojalaryň
öwütlerne ýugrulyp.
Bilemok, näm
üçin soňky döwürler
Saňa juda
gidipdirin höwrügip.
Täsin sende
gijeleriň aýdymy,
Täsin, bagtyň
gülün paýlaýan çagyň.
Gujaklap-gujaklap
apalap ýörün,
Maňa rowa
gören günleriň baryn.
Baglarňa,
ýollarňa hemem düýnüňe
Ýerleşipdir
hakydalaň üşügi.
Sag bol, bu
gün hasyl edeniň üçin
Kän ýyllar
öňürti gören düýşümi.
Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA.