ARKADAGYŇ BAGT ŞÄHERI, AŞGABAT

ARKADAGYŇ BAGT ŞÄHERI, AŞGABAT

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Bu gün ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent derejeleri halkymyzyň baş şäherimize buýsanjyny has-da artdyryp, ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar. Aşgabat — Watanymyzyň ýüregi. Onda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna dahylly taryhy çözgütler kabul edilýär, il-ýurt bähbitli beýik işler amala aşyrylýar. Aşgabat — ýurdumyzyň ýüzi. Diýarymyza gelen wekiliýetler, syýahatçylardyr myhmanlar paýtagt şäherimize seredip, tutuş ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine baha berýärler. Şoňa görä-de, Ginnesiň rekordlar kitabyna täsin desgalarynyň 11-si bilen giren Aşgabat 2013-nji ýylda dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde onuň sahypalaryndan orun aldy. Munuň özi, ozaly bilen, zamanamyzyň beýik arhitektory, hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça alyp barýan giň gerimli işleriniň dünýä derejeli ykrarydyr, ýurdumyzyň paýtagtynyň gaýtalanmajak gözelliklerine berlen ýokary bahadyr.

Baş şäherimizi ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýylyň-ýylyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň hormatyna açylmagy meýilleşdirilýän desgalar bolsa Aşgabadyň görküne has-da görk goşup, onuň binagärlik keşbiniň üstüni ýetirer. Şunda täze gurulýan binalaryň gurluşygynda ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagy möhüm talap bolup durýar. Şoňa görä-de, şähergurluşyk taslamalarynda paýtagtymyzyň ilatynyň döredijilikli işlemegi, amatly dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabadyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmeginde uly ähmiýete eýedir.

Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993