Maksat — önüm öndürilişini artdyrmak

Maksat — önüm öndürilişini artdyrmak

Mukaddes senäni — Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleriniň üstümizdäki ýyldaky baş maksadydyr. Baýlyk çykaryjylar abraý getirýän belent sepgitleri ynam bilen eýelemek ugrunda joşgunly zähmet çekýärler. Şeýle il-ýurt bähbitli işe müdirligiň guýulary düýpli we ýerasty bejeriş böleginiň başarjaň işgärleri hem ruhubelentlik bilen netijeli gatnaşýarlar. Munuň şeýledigine bu bölek boýunça şu ýylyň geçen üç aýynda gazanylan önümçilik görkezijilerine ser salanyňda hem aýdyň göz ýetirip bolýar.

— Biz şanly ýylyň tamamlanýan her bir aýyny zähmet ýeňişlerine beslemek üçin agzybirlik bilen tutanýerli zähmet çekýäris. Işleriň ýokary sazlaşykly guralmagy, hünärmenlerimiziň gujur-gaýrata beslenip işlemekleri netijesinde geçen çärýekde guýularyň 11-sini düýpli abatladyk we degişli meýilnamany üstünlikli berjaý etdik. Şonuň netijesinde guýularyň gaýtadan önüm berip başlamagyny üpjün etdik. Şeýle zerur işler müdirligimize degişli Malaý — Çartak, Kerpiçli, Böwrüdeşik gaz känlerinde ýerine ýetirildi — diýip, müdirligiň guýulary düýpli we ýerasty bejeriş böleginiň başlygy Arazgeldi Nuryýew alyp barýan işleri barada höwes bilen gürrüň berýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993