«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirligi (NGÇM) Balkanabat şäherinden 210 kilometr daşlykda ýerleşen, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň günorta sebitindäki nebitgaz känleriniň dördüsini — Ekerem, Akpatlawuk, Keýmir we Kemer meýdançalaryny özüne birleşdirýär. Bu önümçilik kärhanasynda jemi 152 sany nebit önümli we 29 sany gaz önümli guýular bolup, nebit önümli guýularyň 27,6 göterimi çüwdürim we 70,3 göterimi gazlift usulynda işleýär. Ekerem ýatagynda çuň ştangaly sorujy usulynda işleýän üç sany nebit guýusy bar. Bu önümçilik kärhanasynda çuň ştangaly we beýleki sorujy usullarynyň müdirligiň başga nebitgaz känlerinde ulanylmaýanlygy, esasan, Keýmir we Akpatlawuk känlerinde gazlift ulgamlarynyň bardygy we Keýmir käninde ýörite gazlift guýulary üçin gaz gysyjy bekediniň gurulmagy bilen baglydyr.
Keýmir gazlift gaz gysyjy desgasy 2013-nji ýylda ulanmaga berildi. Desgada, esasan, nebit bilen bile çykýan ugurdaş gaz toplanyp, soňra gazlift guýulary gerek bolan gaz basyşy bilen üpjün edýär.