Tagallalary rowaçlyga beslenýär

Tagallalary rowaçlyga beslenýär

Işi şowuna, çekýän halal zähmeti tüýs ýerine düşýän adamlaryň ruhlary belent, keýpleri çag bolýar. Olar bitirýän işlerinden çäksiz lezzet, uly kanagatlanma alýarlar. Bu diýýänlerimize «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň edermen baýlyk çykaryjylary hem degişli. Olar tebigy gazyň we gaz kondensatynyň gazylyp alnyşyny artdyrmak bilen, şanly ýylyň arzyly sepgidine tarap ynamly gadam urýarlar. Gündelik gazanylýan netijeler ýyllyk meýilnamanyň möhletinden has öň ýerine ýetiriljekdiginden habar berýär. Bu barada gürrüň bermegini haýyş edip, biz müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetowa ýüz tutduk. Şonda ol:

— Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna gazçylarymyz bolup, mynasyp zähmet sowgatly geldik. Şanly ýylyň geçen sekiz aýynda tebigy gaz öndürmek baradaky meýilnama 134 göterim berjaý edildi. Şonda «mawy ýangyjyň» 8,2 milliard kubmetre golaýy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Harytlyk tebigy gazy satyn alýanlaryň arasynda Hytaý döwletiniň bardygyny, önüm ibermek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilýändigini aýdasym gelýär. Içerki sarp edijilere hem tebigy gaz bökdençsiz ugradylýar. Biz öz zähmetimiz arkaly ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine saldamly goşant goşýandygymyza çäksiz buýsanýarys — diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993