Häzirki zaman dünýäsiniň ykdysady babatda güýçli depginlerde ösýän döwleti hökmünde ykrarnama eýe bolan eziz Diýarymyzda uglewodorod çig mallarynyň çykarylyşyny artdyrmak, olary gaýtadan işläp, ýokary hilli taýýar harytlara öwürmek, iň bir kämil enjamlardyr tilsimatlary önümçilikde netijeli peýdalanmak bilen bu ulgamyň kärhanalarynyň tehniki binýadyny düýpli pugtalandyrmak, önümçilik düzümlerini ygtybarly döwrebaplaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Bu wajyp wezipe nebitgaz ulgamyna degişli kabul edilýän resminamalarda hemişe ileri tutulýan meseleleriň biridir. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda ilkinji energiýa serişdeleriniň sarp edilişinde nebit birinji orundadyr. Soňky ýarym asyryň dowamynda tutuş dünýäde ýangyjyň esasy görnüşleriniň sarp edilişiniň 120 essä golaý artandygyny hem aýtmak gerek. Bar bolan çaklamalara görä, Ýer şarynda «gara altynyň» tassyklanan gorlary 170 milliard tonna barabardyr. Bu görkezijiniň on göterime golaýynyň biziň döwletimiziň paýyna düşýändigini hem aýratyn nygtamak gerek. Bu uly baýlygy ýeriň jümmüşinden alyp, ony halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirmek Arkadagly Serdarymyzyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu hakykata Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda yzygiderli alnyp barylýan ägirt uly işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.