— Hormatly Prezidentimiz halkyň bähbidini hemme zatdan ileri tutýar, ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Şonuň netijesinde düýpli özgerişler bolup geçýär. Bu diýýänlerime biziň etrabymyzyň mysalynda hem doly göz ýetirmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda diňe ilatly ýerleri gazlaşdyrmak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilen işler-de haýran galdyryjydyr. Şolaryň netijesinde iri etrabymyzyň ilatyna «mawy ýangyç» elýeterli boldy. Şeýle wajyp işe biziň işgärlerimiz hem ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar — diýip, «Kerkietrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Marat Hojaýew gürrüň berýär.
Söhbetdeşimiziň aýdýanlaryny Garaşsyzlyk ýyllaryndan ozal etrabyň ilatynda tebigy gazdan peýdalanmak mümkinçiliginiň bolmandygy hem aýdyň tassyklaýar. Häzirki wagtda etrapda gaz geçirijileriň umumy uzynlygy 842 kilometrden hem aşýar. Şeýle-de etrapda gaz paýlaýjylaryňdyr gaz sazlaýjylaryň umumy sany 480-e golaýlaýar. Bu kuwwatlyklaryň hasabyna etrabyň ilatly ýerleri, senagat kärhanalary we medeni-durmuş maksatly binalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilýär.