«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Göroglyetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işgärleri şu günler etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek bilen bir hatarda, etrabyň çäginde bar bolan gaz desgalaryny we bitewi gaz ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarlar.
Bu ugurda aýratyn hem edaranyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň işçi-hünärmenleriniň häzirki wagtda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrapdaky şahamçasynyň agzalary bilen bilelikde, etrabyň obadyr şäherlerinde gaz desgalaryny düýpli abatlamakda durmuşa geçirýän işleri bellenmäge mynasypdyr. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde häzirki döwürde etrabyň dolandyryş merkezi bolan Görogly şäheriniň Saparmyrat Nyýazow, Tekebaý Kakabaýew adyndaky, Beýik Türkmenbaşy we Görogly köçeleriniň ugrunda ýerleşýän dürli basyşly gaz geçirijileri hem-de gaz sazlaýjy enjamlary düýpli abatlap, güýz-gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan gyzgalaňly işler geljekde şäheriň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyja» bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikler döreder.