«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň iň iri önümçilik düzümi bolan «Bagtyýarlyk» önümçilik meýdançasy döwrebap tilsimatly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman senagat kärhanasydyr. Önümçilik meýdançasy kuwwatly gaz gysyjy hem-de gazy guradyjy desgalary we beýleki tehnologik hyzmat ediş gulluklaryny özünde jemleýär. Bu ýerde tehnologik işleriň bir bitewi sazlaşykda guralmagy esasynda «mawy ýangyç» senagat taýdan gaýtadan işlenilip, dünýä ülňülerine laýyk, ýokary hilli tebigy gaz öndürilýär. Öndürilen harytlyk tebigy gazyň meýilnamada bellenilýän möçberi şu ýerden daşary bazara üznüksiz ugradylýar.
Meýdançada önümçilik görkezijileriniň hemişe üstünlikli berjaý edilmeginde hyzmat ediş gulluklarynyň gazçylarynyň hem saldamly goşantlarynyň bardygyny aýtmak gerek. Önümçilik meýdançasynyň gaz geçirijileri ulanyş we gözegçilik gullugynyň zähmet adamlarynyň gündelik alyp barýan işleri şunuň bir mysalydyr.