Birža söwdalarynda daşarky we içerki bazara nebitgaz toplumynyň harytlary ýerlenildi
17:15 06.03.2024 6223
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we polipropileni satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 349 müň dollaryna deň boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 9 million 38 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, yşyklandyryş kerosinini, nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), çüýşe gaplary hem-de el halylaryny satyn aldylar.
ABŞ daşary ýurtlara strategiki ätiýaçlygyndan nebit iberýär - HBS
Şu ýylyň iýun aýynda ABŞ strategiki nebit gorundan 5 mln töweregi nebit eksport etdi diýip, habar beriş serişdeleri gümrük statistikasynyň we çeşmeleriň maglumatlaryna esaslanyp habar berýär. Interfaksyň amerikan gümrükhanasynyň maglumatlaryn esaslanyp, habar bermegine görä, 470 müň barrel nebit Italiýanyň Triestine Tehasdaky ammardan iberildi. Triestden Merkezi Ýewropadaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlara nebiti ýetirýän turba geçiriji geçýär.
Energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek — Azerbaýjanyň wekiliýeti bilen duşuşygyň üns merkezinde
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň baştutanlygyndaky wekilýet bilen duşuşygynda energetika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Mohammed Barkindo: erkin çykaryş kuwwatlyklary taryhda iň pes ýagdaýda, syýasy çözgütler zerur
Gazylyp alynýan ýangyçdan el çekmäge çagyryşyň netijesinde pudaga doly maýa goýmazlyk zerarly 62 ýyllyk taryhyň dowamynda OPEC ýurtlarynyň erkin çykaryş kuwwatlyklary iň pes ýagdaýda, bazarda nebit ýetmezçiliginiň meselesini çözmek üçin syýasy çözgütler zerur. Bu barada OPEC-iň Baş sekretary Mohammed Barkindo 5-nji iýulda Nigeriýadan geçen maslahatyň açylyşynda eden çykyşynda belledi. Görlüp oturylsa, bu Mohammed Barkindonyň köpçüligiň öňünde iň soňky çykyşy boldy. Ol şol gün gije aradan çykdy.
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyklylyk we ösüş» Halkara maslahaty 18-20-nji iýulda geçiriler
18-20-nji iýulda Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyklylyk we ösüş» Halkara maslahaty geçiriler. Forumyň maksady pandemiýadan soňky dikeldiş boýunça ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşmak, halkara daşamalar ulgamynda täze şertlere uýgunlaşmak we netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek bolup durýar.
Türkmenistan we Ýaponiýa ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
16-njy dekabrda Aşgabatda “Ýyldyz” otelinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi.