Gurbanguly Berdimuhamedow: Energetika – Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry
12:46 13.03.2024 3961
Energetika türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda 12-nji martda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisinde eden çykyşynda belledi.
“Türki Döwletleriň Guramasynyň işiniň, şol sanda onuň möhüm halkara soraglar boýunça umumy strategiýasy kesgitleýji häsiýete eýe bolmalydyr. Türki döwletleriň ysnyşykly, netijeli hyzmatdaşlygy olaryň ykdysady ösüşiniň, hal-ýagdaýynyň, bäsdeşlige ukyply bolmagynyň möhüm şertidir. Häzirki geosyýasy we ykdysady ýagdaýlarda halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň hyzmatyny we ornuny dikeltmek zerurdyr. Şoňa düşünip, Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga yzygiderli we uzak möhletli häsiýet bermegiň, geljegi uly ugurlara aýratyn üns bermegiň zerurdygyna esaslanýar. Şol ugurlaryň biri energetika bolup durýar” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan dünýä energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz şertlerinde hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli, ygtybarly, öz-özüňi üpjün edýän nusgasyny döretmegi möhüm hasaplaýar. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň barha artýan energetika isleglerini üpjün eder.
“Iri energiýa öndüriji döwletleriň biri bolan Türkmenistan doganlyk ýurtlara energiýa serişdelerini ibermäge, olaryň möçberini artdyrmaga taýýardyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Özbegistana we Gyrgyzystana elektrik energiýasyny iberýär. Bu döwletleriň gatnaşmagynda türkmen tebigy gazyny gündogar ugra ibermek boýunça iri taslamalary amala aşyrmagyň meýilnamalary hem bar” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Şeýle-de biziň türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Gazagystana, Azerbaýjana, Türkiýä ibermek üçin gowy mümkinçiliklerimiz bar. Biz energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde doganlyk döwletlere mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardyrys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Geljekde hemişelik hereket edýän toplumlaýyn energiýa geçiriji ulgamy döredip bolar. Şonda türki döwletler geografik taýdan ýakynlygyndan, serişde kuwwatyndan, eltmegiň serişdelerinden doly möçberde peýdalanyp bilerler.
Prezident Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamasyny makullady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamasyny makullady diýip, TDH habar berýär.
Brent nebitiniň bahasy ýene-de 100 dollardan geçdi
Deslapky gün aşaklamadan soň, anna güni irden nebitiň bahalary ýene-de ýokarlanýar diýip, daşary ýurt habar beriş serişdeleri ýazýar.
Hyundai Engineering – TEIF 2025 Halkara forumynyň kümüş hyzmatdaşy
Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we dünýä ykdysadyýetine integrasiýa bolmak ugrunda TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy halkara hyzmatdaşlygy üçin möhüm meýdança bolup durýar.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 3300 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy penşenbe güni agşam işjeň ösüşini dowam etdi. Ýewropa söwda sessiýasynyň ahyrynda bahalaryň ýokary göterilmegi aziýa bazarynda kotirowkalaryň ýokarlanmagynyň täsiriniň netijesi bolup durýar diýip, Interfaks habar berýär.
Balkan welaýatynda uglewodorodlaryň önümçiligini artdyrmak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň esasy nebitgaz toplumy bolan Balkan welaýatynda 2025-nji ýyla çenli tebigy gazyň çykarylyşyny ýylda 11 mlrd kub metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysady howplardan goranmak boýunça Agentligiň Ykdysady howplary analiz etmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Hangeldi Gurbangeldiýew türkmen metbugatyna beren teswirinde belledi.