Nebitgaz toplumynyň düzümleri ýazky bag ekmek dabarasyna guramaçylykly gatnaşdylar

11:49 17.03.2024 5077

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/10173/original-165f6d8b05b2b1.jpg

Geçen şenbe güni ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi. Şonuň bilen bagly ähli welaýatlarymyzda, Aşgabat şäherinde we Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Döwlet derejesinde ýylyň-ýylyna guramaçylykly geçirilýän, asylly däbe öwrülen bu giň gerimli çärä milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ähli pudaklarynyň işgärleriniň müňlerçesi agzybirlikde gatnaşdylar. Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasy badalga alan bag ekmek dabarasy toýlara beslenýän ýurdumyzyň durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýdy.  

    16-njy martda säher bilen ,,Türkmengaz’’, ,,Türkmennebit’’ döwlet konsernleriniň, ,,Türkmengeologiýa’’ döwlet korporasiýasynyň dolandyryş merkeziniň we pudaklaýyn önümçilik edara-kärhanalarynyň işgärleridir hünärmenleri Aşgabat şäheriniň günbatarynda ýerleşýän nebitgaz toplumynyň Tokaý hojalygynyň bagçylyk zolagyna jemlendiler. Nebitgazçylar dag eteginde baharyň ajaýyp tämiz howaly ir ertirinde baglaryň idegini ýetirip, hapa-haşal otlardan arassalaýyş, düýbüni agdaryş, täze ekilen nahallaryň suwaryş işlerini ýerine ýetirdiler. Tokaý hojalygynyň giň meýdana ýaýylyp gidýän  bag zolaklaryndaky düýbi ýumşadylan, timarlaýyş işleri geçirilen, ot-çöplerden arassalanylan saýaly we gyrymsy agaçlar, täze oturdylan nahallar ýaz paslynyň al-ýaşyl öwsüp görke gelýän häzirki günlerinde töweregiň öňküdenem gözelligini artdyrdy. Jana ýakymly howa gurşawy, bu ýerleriň tebigy özboluşlylygy we bahar günleriniň tenekarlygy bir bitewi sazlaşygy emele getirip, nebitgazçylarda ruhubelentlik döredip, ýakymly duýgulary oýardy. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl ýurdumyzda amala aşyrylýan, Tokaý zolaklaryny artdyrmak, daşky gurşawy gowulandyrmak maksadyndan ugur alýan giň gerimli ýazky bag ekmek dabarasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýazky bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Ýaz we güýz aýlarynda geçirilýän ählihalk çäresi bagly meýdanlaryň çägini giňeltmek bilen, paýtagtymyzyň, ähli sebitlerdäki şäherlerimiziň howa gurşawynyň hilini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilendir. Ekologiýa meselesinde çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni almakda netijeli başlangyçdyr we tebigy şertlerden tapawulylykda adam eli bilen döretmäge mümkinçilik berýän elýeterli asylly işdir. Munuň özi oňyn netijesinem berýär. Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky döredilen tokaý zolaklary, seýilgähler adamlaryň abadan durmuşynyň hözirini artdyryp, amatly ýaşaýyş şertini kemala getirýär. Bu ählihalk işlerine ýurdumyzyň möhüm pudagy bolan nebitgaz toplumynyň düzümleri saldamly goşant goşýar. Ýazky bag ekmek möwsüminiň badalga alan güni, ähli welaýatlarymyzdaky nebitgaz toplumynyň önümçilikleriniň zähmet köpçüligi bu çärä işjeň gatnaşyp, bellenilen çäklerindäki bag zolaklarynda degişli işleri netijeli alyp bardylar. 

2024-nji ýylda paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde 1,5 million ýaprakly, pürli, miweli agaç we üzüm nahallarynyň, beýleki sebitlerimizde hem 1,5 million nahallaryň ekilmegi meýilleşdirilýär. Diňe ,,Pähim-paýhas ummany Magymguly Pyragy’’ ýylynda ekiljek bag nahallarynyň sany hem Türkmenistanda adamlaryň ýaşaýyş şertleriniň hilini ýokarlandyrmaklyga, daşky gurşawyň howa şertlerini gowulandyrmaklyga döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň biri hökmünde garalýandygyna şaýatlyk edýär. 

Başga makalalar
1668bfcd4af103.jpg
Şaşka bäsleşigi

Aklar başlaýar we utýar


164e44cbfc5fd4.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda benzin, awiakerosin we polipropilen öň hatarda boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.


1641bf293a5da2.jpeg
Türkmenistanda Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi

21-22-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ruhubelentlik bilen garşylandy.


1641bf0ba85122.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar bilen döwletara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri hakynda

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kataryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynda döwletara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçililere seretmegiň zerurlygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Baştutany Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda belledi.


1686771c74bde1.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.