Ählihalk bag ekmek çäresiniň barşynda Türkmenistanda 595 müň töweregi nahal oturdyldy
09:54 18.03.2024 7235
16-njy martda ählihalk bak ekmek dabarasynyň barşynda tutuş Türkmenistan boýunça saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň 594 müň 892 düýbi oturdyldy. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 376 müň 204 düýp agaja ideg işleri geçirildi diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär.
Ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna Prezident Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyndan badalga berdi.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekleriň birinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Konstitusiýa binasy bilen Maslahat köşgüniň aralygyndaky çäkde döredilen seýilgäh zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň Başlygy bilen bilelikde bag ekmek dabarasyna girişdiler hem-de Arçabil şaýolunyň ugrunda ýakyn geljekde emele geljek tokaý zolagynyň döredilmegine badalga berdiler.
Şaşka bäsleşigi
Aklar başlaýar we utýar
TDHÇMB-niň söwdalarynda benzin, awiakerosin we polipropilen öň hatarda boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
21-22-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ruhubelentlik bilen garşylandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar bilen döwletara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kataryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynda döwletara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçililere seretmegiň zerurlygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Baştutany Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.