Döredijilik duşuşygy şanly senä bagyşlandy
07:05 26.03.2024 4530
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki Medeniýet köşgünde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa şäherdäki gaz ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler şahyryň ynsanperwerlige ýugrulan çuňňur filosofiki goşgulary, olaryň ýokary çeperçiligi dogrusynda täsirli söhbet etdiler.
Söz ussadynyň çuňňur mazmunly goşgulary şahyryň pähim-parasadynyň güýjüni, akylynyň ýitiligini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adamkärçilige eýlenen, halkymyz, bütin adamzat üçin ahlak kanunyna öwrülen öçmez-ýitmez goşgularynyň üstünden asyrlar geçenem bolsa, parlak ýyldyzlar ýaly ýagty saçyp, öz gymmatyny barha artdyrýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Magtymguly atamyzyň halky agzybirlige, adamlary birek-birege ýakynlaşmaga, edep-ekramlylyga, watansöýüjilige çagyrýan goşgularynyň okalmagy şahyryň doglan gününiň şu ýyl belleniljek 300 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Duşuşygyň dowamynda çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar şahyryň döredijiligine, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan belent ösüşlerdir özgerişlere bagyşlap ýazan goşgularyny okadylar.
Duşuşykda sungat ussatlary şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlary belent heňlerde ýerine ýetirdiler.
TDHÇMB-niň birža söwdalary: TNGIZT-niň önümleri eksporta we içerki bazara ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Ýaponiýa ugrady
13-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ýaponiýa ugrady diýip, TDH habar berýär.
Ýokary netijelilige beslendi
Golaýda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ýaş alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda ylmy-amaly seminary geçirildi. Ýokary guramaçylyk derejesinde dowam eden seminarda ylmy garaýyşlara hem-de bu ugurda özara pikir alyşmalara giň orun berildi.
Halkara hil standartlary – halkara maslahatyň we serginiň merkezinde
29-njy aprel – 1-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyklykda hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat (QACIS 2025) hem-de «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka (ITSE 2025) geçiriler.
Sekiz aýyň jemlerine garaldy
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.