Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
13:32 28.03.2024 6747
27-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ýangyç-energetika toplumynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Myhmanlar ägirt uly uglewodorod kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda ýokary üstünlikleri gazanýandygyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýändigini belläp, Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.
Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek, ýurdumyzda ýaşlara koreý dilini öwretmek boýunça okuw merkezini gurmak bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-koreý işewürlik hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk tejribesiniň bardygyny, mawy ýangyjy çykarmak we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly uly meýilnamalary nazara almak bilen, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öňdebaryjy innowasion işläp taýýarlamalaryň, ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenildi.
Ulag-logistika, ýük howa gatnawlarynyň amala aşyrylmagy hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hataryndadyr. Iki ýurduň arasynda ýolagçy howa gatnawyny ýola goýmak hem meýilleşdirilýär.
Myhmanlar söhbetdeşlik üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.
Şaşka bäsleşigi
Aklar başlaýar we utýar
TDHÇMB-niň söwdalarynda benzin, awiakerosin we polipropilen öň hatarda boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
21-22-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ruhubelentlik bilen garşylandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar bilen döwletara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kataryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynda döwletara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçililere seretmegiň zerurlygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Baştutany Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.