Tokioda geçirilen Türkmen-ýapon işewürler forumy taraplaryň hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýarlygyny tassyklady
10:49 01.04.2024 5958
27-nji martda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň (JETRO) işjeň goldamagynda gurnalan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň bilelikdäki iri işewürlik forumy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Forumyň açylyş dabarasynda Ýaponiýanyň JETRO guramasynyň başlygy we ýerine ýetiriji direktory Norihiko Işiguro we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew çykyş etdiler.
Çykyşlarda mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan taýýarlyklar bellenilip, ikitaraplaýyn ykdysady mümkinçilikleriň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Ýaponiýada Türkmenistanyň söwda öýüni we Türkmenistanda Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň wekilligini açmak zerurlygy hem bellenildi.
Soňra forum üç bölümde dowam etdirildi. Forumyň birinji bölümi maýa goýum, ulag we logistika ugurlary boýunça Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine bagyşlandy. Forumyň ikinji bölüminde hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Üçünji bölümde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde indiki ýyl geçiriljek “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň tanyşdyryş dabarasyndan ybarat boldy.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary, ýagny, Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasy, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, Bütindünýä sergi boýunça ýapon bileleşigi, Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentligi, Russiýa-Ýewraziýa ylmy-barlag instituty, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky hem-de “ING”, “Deutsche”, “SMBC” ýaly banklaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Bu duşuşyklar dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek we ösdürmek, şeýle-de, işewürlik we maýa goýumlar üçin oňyn şertleri döretmek ýaly meselelerine gňnükdirildi.
Işewürlik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň arasynda Özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek ugrunda möhüm ädimleriň biri bolup durýar.
Şaşka bäsleşigi
Aklar başlaýar we utýar
TDHÇMB-niň söwdalarynda benzin, awiakerosin we polipropilen öň hatarda boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
21-22-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ruhubelentlik bilen garşylandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar bilen döwletara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kataryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynda döwletara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçililere seretmegiň zerurlygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Baştutany Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.