Garaşsyzlyk bilen galkynan şahyryň täze kitaby neşir edildi

05:21 23.04.2024 5350

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/10596/original-16627453cdbee9.jpg

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, umuman, medeniýet we sungat bilen meşgullanýan ähli adamlaryň dürli neşirlerde köpçülige ýetirýän eserlerinde galkynyşyň, ruhubelentligiň, ýurdumyza guwanç, buýsanç duýgusynyň güýçlüdigi mese-mälim görünýär. Ýeri gelende ýene-de bir aýratynlygyň aýyl-saýyl öňe çykýandygyny bellemelidir. Türkmenistanda berkarar döwletiň gurulmagy bilen diňe medeniýet, sungat adamlarynyň däl, eýsem, beýleki pudaklaryň işgärleriniň arasynda hem döredijilik işine höwesli girişýäni örän köp. Olar gazet-žurnallarda, teleradioýaýlymlarda ýygy-ýygy çykyş edýärler. Şeýle zehinli awtorlaryň arasynda «Nebit-gaz» gazeti bilen işleşýänleri hem bar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň iş dolandyryş bölüminiň başlygy Rahman Döwletow şolaryň biridir.

Şahyryň döredijiliginiň tematikasy baý we köptaraplaýyndyr, goşgularynyň sadadan çeperligi, akgynlylygy, esasan hem, halkyň durmuşyna örän ýakynlygy okyjyny özüne çekýär. Awtoryň şygyrlarynyň süňňünden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly gahryman Serdarymyza, Garaşsyz ýurdumyza, gözel ilimize söýgi we buýsanç eriş-argaç bolup geçýär. Ýakynda bolsa Rahman Döwletowyň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen täze kitaby okyjylara gowuşdy. «Kalp owazlary» atly dört bölümden ybarat goşgular çemeni tutuşlygyna watansöýüjilik we millilik ruhuna ýugrulan, kitapda asyllylyk, sabyr-kanagatlylyk, halallyk ýaly belent adamçylyk sypatlary çür depä göterilýär. Bu hem şygyrlaryň terbiýeleýjilik ähmiýetini artdyrýar.

Döredijilikde öz ýoluňy tapmak, özbaşdak äheň, biçüw, ýörelge gözlemek kämillige ymtylyşdyr. Şahyryň sadadan halky goşgularynyň ählisi diýen ýaly adamlara mähirli garamagy, birek-birege hormat goýmagy, ata Watanyň her bir nokadyny, her gysym topragyny on iki süňňüň bilen söýmegi ündeýär. Şahyr bu ündewi özboluşly ýol bilen bermegi başarypdyr.

Biz jogapkärli işiniň daşyndan döredijilik dünýäsini ymykly hemra edinen zehinli şahyra geljekde hem üstünlik arzuw edýäris. Goý, onuň adamlaryň biri-birine ýagşylyk etmek, mähir-mylakatly bolmak, ata Watanymyzy il-güni bilen söýmek, perzent terbiýesi, ene-ata borçlulyk we olaryň hatyrasyny hemişe ileri tutmak pikirini baş maksat saýýan goşgularynyň we täze kitabynyň höwri köp bolsun.

Başga makalalar
1668bfcd4af103.jpg
Şaşka bäsleşigi

Aklar başlaýar we utýar


164e44cbfc5fd4.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda benzin, awiakerosin we polipropilen öň hatarda boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.


1641bf293a5da2.jpeg
Türkmenistanda Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi

21-22-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ruhubelentlik bilen garşylandy.


1641bf0ba85122.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar bilen döwletara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri hakynda

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kataryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynda döwletara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçililere seretmegiň zerurlygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Baştutany Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda belledi.


1686771c74bde1.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.