Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi

05:35 25.09.2024 5981

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/11992/original-166f2b187bec3a.jpg

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertdigini aýtdy diýip, TDH habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn belleýşi ýaly, biziň ykdysady üstünliklerimiziň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

Şoňa görä-de, adam başyna düşýän girdejiniň ýokary derejesini, ähli pudaklarda zähmet  öndürijiliginiň ýokary bolmagyny, ykdysady özgertmeleriň ýokary depginini, adam maýasynyň hem-de ylmy-tehnologik ösüşleriň ýokary derejesini, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply bolmagy ykdysady ösüşleriň hem-de kuwwatly döwletiň esasy aýratynlyklary hasaplaýaryn diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzy  durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, Bitarap  döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak hemmämiziň esasy wezipämiz bolup durýandygyny belledi.

Başga makalalar
1622ee218c90c4.jpeg
GDA-dan gelen synçylar Türkmenistanda saýlawlaryň geçişinde düzgün bozulmalary hasaba almadylar

GDA-dan gelen synçylar 12-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine täsir edip biljek düzgün bozmalaryň hasaba alynmandygyny bellediler. Bu barada GDA-dan gelen wekiliýetiň ýolbaşçysy, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow habar berdi diýip, Orient ýetirýär.


164e47c8753508.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň wekilleri Özbegistanyň kärhanalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri özbek hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen Daşkentde «Tehnopark» kärhanasyna baryp gördüler.


164e5b3ad8266e.jpg
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Merw» futbol topary — AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda

Türkmen nebitgazçylarynyň hemaýatkärligindäki futbol toparlary diňe bir milli ýaryşlarymyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edýärler. Muny «Türkmengaz» döwlet konserniniň hemaýatkärligindäki «Merw» futbol toparynyň saýlama duşuşyklardan üstünlikli geçip, AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna goşulmagy hem ähli aýdyňlygy bilen subut edýär.


164e45aefa7788.jpg
Türkmenistan ýedi aýda Hytaýa tebigy gaz ibermelerini 10% artdyrdy

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksporty 10% töweregi artdyryldy diýip, daşary ýurt habar beriş serişdeleri HHR-iň Baş gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.


1622ed64c22bbd.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermeklik ýokary işjeňlik derejesinde geçdi

Geçen şenbe güni, 12-nji martda irden sagat 7-den Türkmenistandaky 2,5 müňden gowrak saýlaw uçastogynda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda ses bermeklik başlandy. Saýlawlarda ses bermek üçin 3,5 milliondan gowrak saýlawçy bellige alyndy.