CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 27.01.2025 - 05.02.2025

12:25 30.01.2025 1331

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy ГПЗ-2 gazy gaýtadan işleýiş zawodyndaky gaz giňeldiji kompressoryň rotor gurluşyna  tehniki hyzmat bermek üçin ony öndüriji zawoda ibermek boýunça № CIT-24127-SR belgili bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär.

 Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

• Tendere gatnaşmak üçin arza;

• Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, bellige alnyşy we ygtyýarnamasy barada maglumat;

• Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň maliýe ýagdaýy barada maglumat;

• Kompaniýanyň soňky 5 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat; 

•        Kompaniýanyň tender işine gatnaşan halatynda bank kepilligini bermäge taýýarlygy barada resmi hat.

  • Kompaniýa tarapyndan öz işini togtatmajakdygyna, ygtyýarnamasynyň ýatyrylmajakdygyna (ýa-da yzyna alynmajagyna), bankrotlyk yglan etmejegine ýa-da girdejiden mahrum bolmajakdygyna kepil geçýän hat. 
  • Bu enjamyň (gaz giňeldiji kompressoryň rotor gurluşy) öndürijisi –Atlas Copco (Germaniýa) bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygy.

• Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny iňlis we rus dillerinde taýýarlap, möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.  

     Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Başga makalalar