“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 30.01.2025 — 01.03.2025
13:19 31.01.2025 1476
“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy aşakdaky arza esasynda tender yglan edýär:
Arza №287 28.01.2025ý.–– ýeňil awtoulaglary we awtobuslary abatlamak hem-de olara tehniki hyzmat bermek.
Tendere gatnaşmak üçin BILDIRIŞ “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden 30 senenama gününiň dowamynda aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
- Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;
- Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.
Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgy boýunça amala aşyrylýar:
745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.
Habarlaşmak üçin telefon:
+993 22293047; +993 22293045; +993 22223726.
Elektron salgysy: sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com