Dil — milletiň baýlygy

Ýurdumyzda beýik Garaşsyzlygymyz gazanylandan soň mukaddes ene dilimiziň, şol sanda daşary ýurt dilleriniň öwrenilişiniň gerimi has giňedi. Dil — bu gymmaty egsilmeýän, özboluşly aýratynlyklary, dil birlikleri bilen hemişe üsti ýetirilýän milletiň hazynasy. Döwlet, ilkinji nobatda, öz diliniň üsti bilen ykrar edilýär. Garaşsyzlygyny gazanan halk, ilki bilen, diline eýe çykýar we oňa döwlet dili derejesini berýär. Çünki birek-birek bilen, şol sanda gaýry halklar bilen gatnaşyk, ylalaşyk, ösüş we özgeriş diliň kömegi bilen ýola düşýär.

Ýurdumyz özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilenden soň, beýleki ugurlar bilen birlikde dil biliminde hem uly özgerişler durmuşa geçirildi. Dil milli äheňler, gadymy ýörelgeler, pederlerden miras galan many-mazmunly ýürege juda ýakyn şireli sözler, söz düzümleri bilen baýlaşdy. Şol sanda dil öz ösüş kanunalaýyklygyna görä, döwrebap sözler bilen baýlaşýar. Dil gatnaşygyň esasy serişdesi bolanlygy üçin dünýäniň beýleki ýurtlarynyň dillerini bilmek, öwrenmek zerurlygy ýüze çykýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasatyna laýyklykda, Türkmenistan Ýewropanyň, Aziýanyň we beýleki yklymlaryň ýurtlary bilen özara gatnaşyklary ýola goýdy we ol barha pugtalanýar. Şu nukdaýnazardan hem orta we ýokary okuw mekdeplerimizde ýaşlara türkmen dili we daşary ýurt dilleriniň ençemesi öwredilýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993