OGT 2025-de “Galkynyş” känini özleşdirmegiň tapgyrlary barada maglumat berildi
10:40 25.10.2025 5837
Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatyň çäginde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň laboratoriýasynyň müdiri, tehnika ylymlarynyň doktory Irina Lurýewa «Galkynyş» gaz käniniň häzirki ýagdaýy we onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri boýunça çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, «Galkynyş» käniniň özleşdirilişi 7 tapgyrdan ybarat toplumlaýyn strategiýa laýyklykda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda birinji tapgyr boýunça synag-senagat taýdan işläp çykaryş dowam edýär. Işleýän guýularyň gaznasy 52 birlikden ybarat bolup, ýene-de 7 guýy ulanyşa taýýarlanýar. Şeýle hem 8 guýuda buraw işleri alnyp barylýar.
Irina Lurýewanyň bellemegine görä, guýularyň ortaça taslama debiti bir günde 1,5 mln kub metr töweregi bolup, degişli gatlaklaryň mümkinçilikleri bu görkeziji 3 mln kub metre çenli durnukly ýagdaýda saklamaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, 2022-nji ýylda işe girizilen 3 guýy günüň dowamynda durnukly ýagdaýda 3 mln kub metre çenli gaz çykarmaga ukyplydyr. Gaffney Cline kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlanan çaklamalara laýyklykda, her bir tapgyr boýunça durnukly gaz alnyş döwri 30 ýyldan gowrak bolmaga mümkin.
Täze meýilnamalara görä, käniň 2-nji, 3-nji we 4-nji tapgyrlaryny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Gaz alnyş mukdary tapgyrlaýyn artdyrylar, bu bolsa maýa goýum serişdelerini netijeli bölmäge we bar bolan tejribä esaslanmaga mümkinçilik berer diýip, alym nygtady.
Kän doly özleşdirilenden soň, onuň ýyllyk jemi gaz önümçiligi 200 milliard kub metre çenli ýokarlanyp biler.
Şeýle hem Lurýewa buraw işlerinden we gaz taýýarlama zawodlarynyň gurluşygyndan başga-da, tehnologiki we ekologik meseleleriň hem möhüm orun eýeleýändigini belledi. Hususan-da, kömürturşy gazyny (CO₂) käniň suwly gatlaklaryna we goňşy känleriň tükenen gatlaklaryna iberilmegi boýunça işleri öwrenmek dowam edýär. Bu ýagdaý tehnogen galyndylary emele getirmäge hem-de daşky gurşawa düşýän täsiri azaltmaga mümkinçilik berer.
Irina Lurýewa 20-den gowrak patentiň we 200-den köp ylmy işiň awtorydyr. Ol 1988-nji ýylda Türkmen politehniki institutyny tamamlap, 2006-njy ýyldan bäri «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynda işleýär, laboratoriýa ýolbaşçylyk edýär we ýaş hünärmenlere maslahat berýär. Alymyň ylmy gyzyklanmalary gatlaklaryň gidrodinamiki modellemesi, känleriň işlenip taýýarlanyş tehnologiýalary we guýularyň peýdalanylyşy bilen baglydyr.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka ugrady
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.