Gözelligiňe iller aşyk, Aşgabat!

Gözelligiňe iller aşyk, Aşgabat!

Aşgabadyň gülläp ösüşi, gözümiziň alnynda özgerýär. Bagtly durmuşyň sakasy saglyk, agzybirlik, abadan durmuş. Ine, şular berkarar Watanymyzda jemlenen. Ösüş we özgeriş ýurdumyzyň islendik künjeginde bar. Dünýäni haýrana goýýan Aşgabat welin, bu babatda nusga alarlyk. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynda onuň ümzügi has-da ileri. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde halkymyz agzybir we ýadawsyz zähmeti bilen örän belent sepgitleri eýeledi. Köşklere berimsiz ýaşaýyş jaýlary, medeniýet we sungat, sport, saglyk merkezleri, ylym-bilim, terbiýeçilik ojaklary, önümçilik toplumlary döredildi, şaýollar, ýerasty geçelgeler, köprüler guruldy. Paýtagtymyz diýseň owadanlygy bilen buýsanjyňy bir gez asmana göterýän şäher içre şäherler döräp, medeni zolak hökmünde giňelip barýar we ilersi Köpetdagyň gerişlerine, gaýrasy Garagumuň sähralygyna aralaşdy.

Gurmagyň ösüşdigini, adamlaryň durmuşynyň gowulanmasydygyny, geljegiň rowaçlanmasydygyny, arzuwlaryň amala aşmasydygyny, ömrüň ruhy taýdan baý we maddy taýdan üpjün bolup dowamata sapmasydygyny bileniňden soň, onuň gudraty mälim bolýar. Ine, şeýle gudratly işler biziň keremli topragymyzda amala aşyrylýar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993