Türkmen buýany — tebigy bejeriş serişdesi

Türkmen buýany — tebigy bejeriş serişdesi

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 25-nji dekabrynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bilen bagly meselelere ünsi çekip, buýan köküniň ynsan saglygyny berkitmekdäki ähmiýeti, birnäçe keselleri, şol sanda howply ýokanç keselleri ýok edijilik, olaryň öňüni alyjylyk aýratynlyklary barada aýtmak bilen, ýer ýüzünde koronawirus pandemiýasy bilen bagly howsalaly ýagdaýlaryň dowam edýän häzirki döwründe buýan köküniň hem bu howply ýokanja garşy ähli ýurtlaryň alymlary tarapyndan gözlenilýän netijeli serişdeleriň biri bolup biljekdigi hakynda öňe süren başlangyjy dünýäde uly gyzyklanma döretdi.

Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedow buýan köküniň ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onkibarmak içegäniň kesellerini bejermekde ir wagtlardan bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýändigini nygtaýar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993