Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagyna resmi taýdan badalga berilmegini ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakalaryň hatarynda görkezmek bolar.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk hem-de ynanyşmak häzirki wagtda adamzada iňňän zerur bolup durýar, sebäbi bir-biri bilen baglanyşykly bu iki düşünje hyzmatdaşlygyň, ählumumy howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şertidir. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, netijeli özara gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşant goşýar.