Başymyzyň täji ata Watanymyzda beýik baýramy — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmäge giňden taýýarlyk görülýär. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň agzybir hem-de başarjaň işgärleri hem bu taryhy senäni mynasyp derejede, uly zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýärler. Ussat baýlyk agtaryjylaryň üstümizdäki ýyly hem zähmet üstünliklerine beslejekdiklerine berk esas we pugta ynam bar. Oňa çuňluk burawlamak baradaky meýilnamalaryň ýylyň-ýylyna üstünlikli berjaý edilýändigi ynandyryjylykly şaýatlyk edýär.
— Ekspedisiýamyzda geçen ýylyň meýilnamasy 120 göterime golaý berjaý edildi. Maksada okgunly zähmet çekmek bilen ýurdumyzyň baýlyk gorunyň üstüniň ýetirilmegine mynasyp goşant goşýandygymyza buýsanýarys. Şeýle üstünlikler hormatly Prezidentimiziň uly tagallalary arkaly pudagyň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, burawlaýjylarymyzyň täze, has kämil buraw enjamlary we zerur serişdeler bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmegi arkaly gazanylýar. Başarjaň işgärlerimiz özleri hakynda edilýän şeýle ýokary derejedäki aladalara gujur-gaýrata beslenip işlemek bilen jogap berýärler — diýip, ekspedisiýanyň geologiýa bölüminiň geology Babamyrat Joraýew gürrüň berýär.