«CNPC Аmudarýa Petrоleum Kompani Lтd.» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy IŞE KABUL EDIŞLIGI yglan edýär
12:59 12.05.2026 1572
«CNPC Аmudarýa Petrоleum Kompani Lтd.» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy «Galkynyş» käniniň ýyllyk kuwwaty 10 mlrd. m3 harytlyk tebigy gaza deň bolan IV tapgyrynyň guýularyny we desgany taslamalaşdyrmak hem-de ulanyşa doly taýýar edip gurmak taslamasy boýunça aşakdaky wezipelere IŞGÄRLERI IŞE KABUL ETMEGI yglan edýär:
• hukukçylar; • maliýe boýunça hünärmenler; • kadr (işgärler) boýunça hünärmenler; • satyn alyşlary guramak boýunça hünärmenler; • inženerler; • zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmenler; • buraw işlerini dolandyrmak boýunça inženerler we/ýa-da hünärmenler; • iş ýöredijiler (awiabiletler, aeroportlar, çapar gullugy, arhiw, wizalar, aktiwler we ş.m. ugurlar boýunça); • IT tehnikler; • sürüjiler; • kätipler we terjimeçiler; • resepşn (resmi kabulhana); • garawullar (goragçylar); • arassaçylyk işgärleri; • aşpez kömekçileri.
· Iş ýeri – Aşgabat, Mary. Agzalan wezipeler boýunça iş tejribesi – 3 ýyldan az bolmaly däl. Daşary ýurt dillerini bilişi – rus dilini suwara bilmeli, hytaý dilini suwara bilmegi ileri tutulýar.
· Resminamalar bildiriş çap edilen gününden başlap 30 günüň dowamynda kabul edilýär. Bäsleşigiň talaplaryna laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.
· Dalaşgärler öz rezýumelerini we sowalnamalaryny şu salga ibermeli: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 jaýy, «A» blok, 1-nji gat.